Prezident Erdogan Indoneziýa gynanç bildirdi

Prezident Erdogan beýanatyny türk we iňlis dillerinde paýlaşdy.

1059488
Prezident Erdogan Indoneziýa gynanç bildirdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan özüniň Tweitter hasabyndan beren beýanatyndam Indoneziýadaky ýer titremede we ondan soň bolan sunamide ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirdi. 

Ýaralanan adamlara şypa dilän Erdogan: "Indoneziýadaky ýer titremede we sunamide ýogalan doganlarymyza Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypalar dileýärin. Doganlyk Indoneziýanyň halkyna gynanç bildirýärin. Türkiýe Indoneziýanyň ýaralarynyň bejerilmegi üçin her dürli goldaw bermäge taýýardyr" diýip belledi. 

Prezident Erdogan beýanatyny türk we iňlis dillerinde paýlaşdy. 

 



Degişli Habarlar