Prezident Erdogan PKK agza müňlerçe, FETÖ agza ýüzlerçe adamyň Germaniýada ýaşaýandygyna ünsi çekdi

Erdogan bilen Angela Merkel metbugata beýanat berdi

1058742
Prezident Erdogan PKK agza müňlerçe, FETÖ agza ýüzlerçe adamyň Germaniýada ýaşaýandygyna ünsi çekdi

Prezident Erdogan Germaniýa guraýan döwlet saparynyň çäginde Federal Kansler Angela Merkel bilen paýtagt Berlinde bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Merkel bilen bolan duşuşygynda özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny aýdan Erdogan, türk raýatlaryna wize erkinliginiň berilmegi üçin talap edilýän galan 6 kadany gysga wagtda doly berjaý etmegi meýilleşdirýändiklerini belledi.

Erdogan Türkiýäniň Siriýa krizisiniň başda durmagynda sebitara meseleleriň çözülmeginde uly jogapkärçiligi öz üstüne alandygyny nygtady.

Prezident Erdogan Türkiýäniň beýleki ugurlarda bolşy ýaly ykdysady howplary hem ortadan aýryryp biljek güýje eýedigini nygtady.

Erdogan Germaniýa bilen edilýän ykdysady gatnaşyklara uly ähmiýet berýändiklerini ýatlatdy.

Germaniýadan terror guramalaryna garşy tutanýerli tutum alyp barmaga garaşýandyklaryny aýdan Prezident Erdogan ekstremist terror guramasy PKK agza müňlerçe, Fetullahçy terror guramasy FETÖ agza ýüzlerçe adamyň Germaniýada ýaşaýandygyna ünsi çekdi.

Döwletiň syrlaryny paş edenden soň Germaniýa gaçan Jan Dündar hakyndaky soraga jogap beren Erdogan, Jan Dündaryň içalydygyny we döwletiň syrlagyny paş edendigi üçin Türkiýäniň kazyýet organlary tarapyndan 5 ýyl 10 aý azatlykdan mahrum edilendigini ýatlatdy.

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bolsa siriýaly bosgunlary kabul eden Türkiýe barada öwgüli sözler aýtdy we “Siriýa meselesinde Türkiýäniň, Russiýanyň, Fransiýanyň prezidentleriniň we meniň gatnaşmagynda oktýabr aýynda dört tarapalýyn maslahat geçirip bileris” diýdi.

Merkel “PKK Germaniýada gadagan edildi, FETÖ barada bolsa has köp maglumat gerek. 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygyny ýazgaýarys we ozal hem beýan edişimiz ýaly asla kabul etmeýäris” diýdi.

Merkel “Germaniýa hökmünde Türkiýäniň durnuklylygyna we ykdysady ösüşine goldaw berýäris” diýdi.

Federal Kansler Merkel “Türkiýe bilen terrora garşy ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek isleýäris, içeri işler ministrlikleriniň arasyndaky saparlar ýygjamlaşdyrlar” diýip belledi.



Degişli Habarlar