Prezident Erdogan Berlinde kärdeşi Şteinmeier tarapyndan harby dabara bilen garşylandy

Erdogan Federal Kansler Angela Merkel bilen hem duşuşar

1058396
Prezident Erdogan Berlinde kärdeşi Şteinmeier tarapyndan harby dabara bilen garşylandy

Prezidenti Frank Walter Şteinmeieriň myhmany hökmünde Germaniýa ilkinji döwlet saparyny guraýan Prezident Erdogan şu gün irden paýtagt Berlinde kärdeşi Şteinmeier tarapyndan Bellewue köşgünde harby dabara bilen garşylandy.

Prezident R. T. Erdogan Germaniýanyň Prezidenti Frank Walter Şteinmeier bilen boljak duşuşygyndan soň Federal Kansler Angela Merkel bilen duşuşar we metbugata beýanat berer.

Prezident Erdogan nemes firmalarynyň ýolbaşçylary bilen tegelek stolyň başynda boljak duşuşygyndan soň aýaly Emine Erdogan bilen kärdeşi Şteinmeier tarapyndan hormatyna beriljek agşam naharyna gatnaşar.

 



Degişli Habarlar