Şu gün Prezident Erdoganyň Germaniýa sapary başlaýar

ABŞ-de saparda bolan Prezident Rejep Taýýip Erdogan şu gün Germaniýa geçer

1057785
Şu gün Prezident Erdoganyň Germaniýa sapary başlaýar

Erdogan Germaniýa gurajak saparynyň ilkinji gününde Germaniýadaky jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri bilen duşuşyk geçirer.

Prezident Erdoganyň resmi sapary bolsa ertir başlar.

Erdogan ertir Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer tarapyndan resmi dabara bilen garşylanar.

Kärdeşi bilen geçirjek duşuşygyndan soň Prezident Erdogan, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen duşuşyk geçirer.

Duşuşygyň gün tertibindäki ilkinji mesele ykdysadyýet bolar, söwda gatnaşyklary orta atylar, goranmak senagaty we transport taslamalary ara alynyp maslahatlaşylar.

Erdogan we Merkel duşuşykdan soň umumy metbugat ýygnagyny geçirerler.

Prezident Erdogan Germaniýa saparynyň çäginde Kýolnde bu ýurtda ýaşaýan türkler bilen bir ýere jemlener we Din Işler Türk Yslam birligi Merkezi metjidiniň açylyşyna gatnaşar.


Etiketkalar: #Erdogan , #Germaniýa , #sapar

Degişli Habarlar