Prezident Erdogan Wladimir Putin bilen Soçide duşuşyk geçirer

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen şu gün Soçide duşuşyk geçirer

1050967
Prezident Erdogan Wladimir Putin bilen Soçide duşuşyk geçirer

Iki lider Siriýanyň Idlib sebitinde soňky wagtlarda başdan geçirilýän hadysalary ele alar.

Erdogan, Putin bilen geçirjek duşuşygynda Idlibde guralmagy ähtimal hüjümiň bosgunlara ýetirjek täsirini, sebitdäki türk esgerleriniň howpsyzlygyny, syýasy çözgüt ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşar.

Duşuşykda sebitdäki soňky wakalar bilen birlikde ykdysady we energetika meseleri hem orta atylar.

Bu duşuşyk 26-njy sentýabrda BMG-niň Baş geňeşinde geçiriljek Siriýa temaly maslahat taýdan hem örän möhüm.

Erdogan, Putin bilen soňky gezek bolsa 7-nji sentýabdra Eýranyň paýtagty Tähranda ikiçäk duşuşyk geçiripdiler.


Etiketkalar: #Erdogan , #Idlib , #bosgun

Degişli Habarlar