Grek tarapy saklalanan türk esgerini yzyna berdi

Türk ýaragly güýçleri 2 türk esgeriniň resiýanyň serhedinden ýalňyşlyk bilen geçendikleri barada beýanat berdi

1046212
Grek tarapy saklalanan türk esgerini yzyna berdi

Türk ýaragly güýçleri ýalňyşlyk bilen serhetden geçendikleriüçin grek güýçleri tarapyndan saklanan 2 türk esgeriniň birnäçe sagadyň dowamynda yzyna berilendigini beýan etdi

Türk ýaragly güýçleri 2 türk esgeriniň düýn Türkiýe wagty bilen 11:00-da Gresiýanyň serhedinden ýalňyşlyk bilen geçendikleri barada beýanat berdi.

“Serhet birikmesinde gulluk edýän 2 esgeriň bikanun bosgunlary yzarlaýyş we öňüni alyş operasiýasynyň dowamynda ýalňyşlyk bilen serhediň grek tarapyna geçendigi” barada aýdylýan beýanatda, grek tarapy bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde Türkiýe wagty bilen sagat 18:00-da boşadylandyklary nygtalýar.


Etiketkalar: #esger , #yzyna bermek , #serhet

Degişli Habarlar