Prezident Erdogan "Biz gysga wagtda S-400 raketa ulgamyny alarys” diýdi

"Türkiýe Ýewropa we Amerika bilen birlikde beýleki ýurtlar bilen hem ýakyndan gatnaşyk edip biler

1040881
Prezident Erdogan "Biz gysga wagtda S-400 raketa ulgamyny alarys” diýdi

Prezident Erdogan S-400 raketa ulgamynyň gysga wagtda alynjakdygyny aýtdy.

Prezident R. T. Erdogan Balykesirde Ýokary harby mekdebiň gutardyş dabarasynda eden çykyşynda, terrora garşy göreşde ýalňyz goýlan Türkiýäniň özüni goramak üçin S-400 raketa ulgamyne eýe bolmalydygyny nygtady.

Erdogan “Özümizi goramak üçin zerur bolan enjamlary bize satmadylar emma terror guramalaryna mugt ýarag berdiler. Territoriamyzy goramak, howpsyzlygymyzy üpjün etmek üçin başga ýol gözläp tapdyk, emma bize garşylyk görkezdiler. Biz şuňa meňzeş basyşlary kabul etmeris. Biz gysga wagtda S-400 raketa ulgamyny alarys” diýdi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň Ýewropa we Amerika bilen birlikde beýleki ýurtlar bilen hem ýakyndan gatnaşyk edip biljekdigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar