Erdogan 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniň 2023-nji ýyldaky maksatlaryna ýetmeginiň, özi bilen bilelikde ýerleşýän geografiýasynyň geljegini hem ugrukdyrjakdygyny belledi

1039705
Erdogan 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Prezident Erdogan 30-njy awgust Ýeňiş baýramy we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Erdogan gutlag ýüzlenmesinde:

“Türkiýäniň 2023-nji ýyldaky maksatlaryna ýetmegi, biz bilen bilelikde ähli geografiýamyzy ugrukdyrar.

Şu gün täze ýeňişleriň, täze üstünlikleriň bosagasyndadygymza ynanýaryn.

Türkiýä bolan ynamlar bilen bu göreşde hem üstün çykarys” diýdi.

Erdogan gutlagyny şeýle dowam etdirdi: “Taryhymyzyň ähli döwürlerinde bolşy ýaly şu günki gün hem özümiz bilen bilelikde umydyny bize baglan ähli ezilen we ejir çekenler üçin göreşýäris. Şu gün täze ýeňişleriň, täze üstünlikleriň bosagasyndadygymyza ynanýaryn. Türkiýä bolan ynamlar bilen bu göreşde hem üstün çykarys” diýdi.



Degişli Habarlar