Prezident Erdogan esgerleri Gurban baýramlary bilen gutlady

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Içeri işler ministri Süleýman Soýlunyň Şyrnak welaýatyndaky Kato Dagynyň Tuzluja harby birikmesine baran mahaly, telefon arkaly jaň edip, esgerleri Gurban baýramlary bilen gytlady

1035859
Prezident Erdogan esgerleri Gurban baýramlary bilen gutlady

Şyrnak welaýatynda saparda bolýan ministr Soýlu, orunbasary Mehmet Ersoý, Žandarma güýçleriniň serkerdesi Arif Çetin, Şyrnak welaýatynyň gubernatory Mehmet Aktaş bilen bilelikde welaýatyň Beýtüşşebap etrabyndan Kato Dagynda ýerleşýän Tuzluja harby birikmesine bardy.

Gurbanlyklar kesileninden soň, ministr Soýlu esgerleri baýramlary bilen gutlady we olar bilen bilelikde ertirlik naharyny edindi.

Ertirlik edinýärkä Içeri işler ministri Süleýman Soýla, Prezident Rejep Taýýip Erdogan jaň etdi. Prezident Erdogan Soýlunyň telefonyndan türk esgerlerini baýramlary bilen gutlady.

Erdogan esgerlere: “Ilki bilen ol ýerdäki esgerleri baýramlary bilen gutlaýaryn. Allajan ençeme baýramlara, ençeme ýeňişlere gowuşdyrsyn bizi. Ilki bilen şehitlerimize Alladan rehnet, şikes ýetenlere bolsa şypalar dileýärin. Alla ýaryňyz we ýardamjyňyz bolsun. Nesip bolsa gelejegimiz ençeme ýeňişler bilen dolsun. Siz dik durdugyňyz saýyn baýdagymyzyň ýere düşmejekdigine, azanlarymyzyň sesiniň durmajakdygyna, bu watany hiç kimiň bölüp bilmejekdigine ynanýaryn. Milletimiz has bagtyýar we parahat durmuşda ýaşar. Baýramlaryňyz gutlu bolsun!” diýdi.



Degişli Habarlar