Türkiýe Owganystana ynsanperwer kömegini berdi

Türkiýäniň Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar dolanşygy edarasy (AFAD) Owganystanyň Jöwizjan welaýatynda 2,500 guty azyk paýlady

1035435
Türkiýe Owganystana ynsanperwer kömegini berdi

AFAD-yň internet sahypasynda berilýän maglumata görä Owganystanda iş alyp barýan edaranyň topary Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň ýurtdaky müdiri Zlatan Milisij, Owganystanyň Tebigy apatlar ministriniň orunbasary Mohammad Kasem Haidairi we Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Owgtanystandaky wekiliýeti bilen ýurtdaky ýoklsullaryň kesgitlenmegi hem-de kömek şertleriniň seljerilmegi barada maslahatlar geçirdi.

Geçirilen işleriň netijesinde taýarlyklaryny tamamlan AFAD-yň topary Hyratdan soň Owganystanyň Jöwizjan welaýatynda ýaşaýan halka 2,500 guty azyk kömegini alyp gitdi.

Türkiýäniň Mazary Şerifdäki Başkonsullygynyň goldaw bermeginde paýlanan azyk gutularynyň içinde 10 kg. tüwi, 5 litr günebakar ýagy, 3 kg. şeker, 2 kg. çaý, 2 kg. makaron, 3 kg. gury fasol bar.



Degişli Habarlar