Çawuşogly ABŞ bilen başdan geçirilýän krizis barada beýanat berdi
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň ABŞ bilen başdan geçirilýän krizise çözgüt tapmak üçin elinden gelenini edýändigini, emma garşylarynda söhbetdeş tapmandyklaryny belledi

Ilçileriň 10-njy konferensiýasynyň 3-nji gününde Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly we Söwda ministri Ruhsar Pekjan çykyş etdi.
Konferensiýada çykyş eden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ bilen başdan geçirilýän krizisiň üstünde durup geçdi.
Mewlüt Çawuşogly: “Bu etapda şundan habaryňyz bolsun: biz öz üstümize düşenini ýerine ýetirdik, ähli taraplaýyn konstruktiw boldyk, emma garşymyzda oňa düşünjek dogry-düzüw söhbetdeşimiziň bolmandygyny gördük” diýdi.
Türkiýäniň krizisi çözmek üçin stola oturmaga taýýardygyny aýdan Çawuşogly: “Biz ähli zady gürleşmäge taýýardyrys, ýöne bir şert bilen, ol hem, haýbat, mejburlyk bolmasyn we elbetde sanksiýalar ýaly ýalňyş ýollara girilmesin” diýip belledi.
Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan bolsa öz gezeginde ABŞ-ni Bütindünýä Söwda guramasynda panele çagyrandyklaryny habar berdi. Pekjan: “ABŞ-e iberen çakylygymyz özlerine baryp ýetdi. Şeýlelik bilen Bütindünýä Söwda guramasynda dawa etabymyzy başlatdyk” diýdi.
Degişli Habarlar

Goşun Generaly Ýaşar Güler Amerikaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikir alyşdy