“Türkiýe ykdysady söweşiň tarapdary däldir, emma hüjüm bolanda jogabyny berer”

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn ABŞ-niň harytlaryna garşy boýkot etmek baradaky kararynyň üstünde durup geçdi

1032905
“Türkiýe ykdysady söweşiň tarapdary däldir, emma hüjüm bolanda jogabyny berer”

Geçiren metbugat ýygnagynda Türkiýäniň ykdysadyýetiniň düýbüniň berkdigini aýdan Ibrahim Kalyn ýagdaýyň kadalaşmaga başlamagyna hoşallyk bildirdi.

“Türkiýe ykdysady söweşiň tarapdary däldir, emma hüjüm bolanda jogabyny berer” diýen Ibrahim Kalyn degişli ähli guramalaryň mundan soň görjek çäreleri bilen Türkiýäniň ykdysadyýetindäki bu kadalaşma etabyny has hem güýçlendirjekdigini habar berdi.

“Meseleleriň iň gysga wagtda çözülmegine garaşýarys” diýen Kalyn munyň üçin ABŞ-niň hökümetiniň Türkiýedäki kazyýet ulgamyna has sylagly bolmalydygyny belledi.

Beýleki tarapdan Ibrahim Kalyn Prezident Rejep Taýýyp Erdoganyň şu gün Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, ertir bolsa Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş boljakdygyny mälim etdi.

Geçiren metbugat ýygnagynda Astana gepleşikleriniň hem üstünde durup geçen Kalyn: “Üçünji maslahatyň sentýabr aýynyň ilkinji hepdesinde Tähranda geçirilmegi meýilleşdirilýär” diýdi.



Degişli Habarlar