Türk lider Germaniýa sapar gurar

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 28-29-njy sentýabr aralygynda Germaniýa resmi sapar gurar

1027863
Türk lider Germaniýa sapar gurar

Germaniýanyň Prezident Diwany Erdoganyň 28-29-njy sentýabr aralygynda Germaniýa resmi sapar gurajakdygyny habar berdi.

Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer Prezident Erdogany resmi dabara bilen garşylar. Erdogan saparyň çäginde Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen duşuşar.  

Prezident Erdoganyň Germaniýa gurajak saparynyň jikme-jikligi bılen bagly häzirki wagtda iki ýurdyň arasynda ýakyn koordinasiýa içinde gepleşikler geçirilýändigi bellendi.

Ştaýnmaýer ozal Erdogany Germaniýa çagyrypdy, emma saparyň haçan guraljakdygy mälim edilmändi. 



Degişli Habarlar