Türkiýe Wenesueladaky hüjümi berk ýagdaýda ýazgardy

Türkiýäniň hökümeti Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Madura garşy guralan hüjümi berk ýagdaýda ýazgardy

1026038
Türkiýe Wenesueladaky hüjümi berk ýagdaýda ýazgardy

Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: “Wenesuelanyň Milli gwardiýasynyň döredilen gününiň 81-nji ýyllygy mynasybetli ýurdyň paýtagty Karakasda geçirilen, Prezident Nikolas Maduro Morosyň, aýalynyň we oglunyň, hökümetiň agzalarynyň we harby ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen dabarada guralan we Prezidentiň janyna kast edilmäge synanyşylan hüjümi uly gynanç bilen öwrendik. Bu hüjümi berk ýagdaýda ýazgarýarys” diýip bellendi.

Hadysada Maduronyň we ýakyn adamlarynyň ýaralanmadan halas bolmagynyň teselli berendigi aýdylýan beýanatda partlamanyň netijesinde ýaralanandygy habar berilen 7 esgeriň tiz wagtda sagalmaklary dileg edildi.

Beýanatda: “Türkiýe bu kyn günde dogan we dost Wenesuelanyň halkynyň we Prezidenti Madorunyň, maşgalasynyň we ähli hökümet ýolbaşçylarynyň ýanyndadyr. Wenesuelada durnuklylygyň, asudalygyň, parahatçylygyň we howpsyzlygyň dowam etmegi iň uly dilegimizdir. Bu sebitleýin durnuklylyk we dünýä parahatçylygy üçin hem örän wajyp. Prezident Madura, hormatly maşgalasyna, hökümet agzalaryna we Wenesuelanyň halkyna gynanç bildirýäris” diýip nygtaldy.



Degişli Habarlar