Türkiýe käbir ilçilere çenden çykmazlyklary barada duýduryş berdi

Türkiýäniň hökümeti Kipriň Grek böleginde maslahat geçiren käbir ýurtlaryň ilçilerine çenden çykmazlyklary barada duýduryş berdi

1022672
Türkiýe käbir ilçilere çenden çykmazlyklary barada duýduryş berdi

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoýyň geçirilen maslahat bilen bagly beren beýanatynda: "Maslahatda käbir ilçileriň Kipriň Grek böleginiň  Ortaýer deňiziniň gündogarynda birtaraplaýyn häsýetde alyp barýan gidrokarbon gözlegleri babatynda goldaw berip beren beýanatlaryny ýerliksiz hasap edýäris. Şol ýurtlaryň wekillerine çenden çykmazlyklaryny maslahat berýäris" diýdi. 

Kiprde adalatly we hemişelik çözgüdiň entek ýola goýulmandygy ýatladylan beýanatda: "Bular ýaly bir şertlerde Kipriň Grek böleginiň özüni adanyň ýeke täk eýesi ýaly alyp barmagyny dowam etdirip, birtaraplaýyn häsýetde gidrokarbon gözleglerini dowam etdirmegi kabul ediljek bir ýagdaý däl. Şol işler bilen Grek tarapy adanyň deň eýesi bolan kiprli türkleriň tebigy baýlyklardaky adaty hukuklaryny äsgermeýär" diýip bellendi. 

Beýanat Türkiýäniň kiprli türkleriň hukuk we bähbitlerini goramakda we DKTR-e goldawyny dowam etdirmekde tutanýerli boljakdygynyň nygtalmagy bilen tamamlandy. 


Etiketkalar: #Kipr , #ilçi , #Hami Aksoý

Degişli Habarlar