Ekstremist terror guramasy PKK agyr zarba uruldy

Yragyň demirgazygy bilen Tunceli welaýatynyň çetki etraplaryna guralan howa operasiýasynda 20 terrorçy ýok edildi

1022555
Ekstremist terror guramasy PKK agyr zarba uruldy

Baş ştabyň resmi Twitter hasabyndan berilen beýannama görä 29-ncy iýulda Yragyň demirgazygyndaky Metina etrabyna howa operasiýa guraldy.

Beýannamada operasiýanyň dowamynda ekstremist terror guramasynyň 10 agzasynyň ýok edilendigi nygtalýar.

Tunceli welaýatynyň Pülümür etrabynyň çetki obalarynda-da aksiýa guramaga taýarlyk görýän 10 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi.

Gubernatorlykdan berilen beýannamada Pülümür etrabynyň çetki obalarynda raýatlaryň habar bermegi neticesinde aksiýa guramaga taýarlyk görýän terrorçylara garşy Welaýat Žandarm serkerdeligi tarapyndan operasiýa başladylandygy nygtalýar.

Anyklanan 10 terrorçynyň howa güýçleriniň goldaw bermegindäki operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirilendigi barada nygtalýan beýannamada, operasiýanyň dowam edýändigi habar berildi.


Etiketkalar: #Tunjeli , #Twitter

Degişli Habarlar