Türkiýe terror guramasy DAİŞ-iň Siriýada guran hüjümini berk ýazgardy

Türkiýe terror guramasy DAİŞ-iň Siriýanyň Suweýda welaýatynda guran we köp sanly adam pidasyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümini berk ýazgardy

1020139
Türkiýe terror guramasy DAİŞ-iň Siriýada guran hüjümini berk ýazgardy

Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada; “DAİŞ-e garşy göreş boýunça Halkara hyzmatdaşlygynyň agzalaryndan biri bolan Türkiýäniň DAİŞ-iň we PKK/KJ/PÝD-ÝPG-niň başda durmagynda Siriýada ornaşan terror guramalaryna garşy göreşinde egilşik edilmez” diýilýär.

Türkiýäniň Siriýada iş alyp barýan terror guramalaryna garşy göreşdäki egilşiksiz pozisiýasynyň “Ýefrat Galkany” we “Zeýtun Şahajygy” operasiýalary bilen subut edilendigine üns çekilen beýanatda; “Siriýada ornaşan terror guramasynyň düýbi-teýkary bilen ýok edilmegi terror guramalaryny ýüze çykarýan şertleriň ortadan aýrylmagy bilen mümkin bolar. Ol hem geňeşilen, ara alynyp maslahatlaşylan ygtybarly hem-de durnukly syýasy çözgütdir” diýilýär.

Siriýanyň günorta-gündogarynda hökümetiň gözegçiligindäki Suweýde welaýatynyň merkezinde terror guramasy DAİŞ tarapyndan guralan hüjümde 150-ä golaý adam pida bolupdy.

Hökümetiň habarlar gullugy “SANA” kamikaze hüjüminde 3 DAİŞ terrorçysyndan biriniň üstündäki bombany ýarandygyny, 2-sanysynyň bolsa bombalary partlatmazdan ozal öldürilendigini habar berdi.



Degişli Habarlar