Türkiýe Nigeriýada guralan terrorçylykly hüjümleri ýazgardy

"Nigeriýanyň hökümetine we halkyna uly gynanç bildirýäris”

1018240
Türkiýe Nigeriýada guralan terrorçylykly hüjümleri ýazgardy

 

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda Ýobe we Borno welaýatlarynda birnäçe adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümler ýazgaryldy.

Beýanatda “Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris, Nigeriýanyň hökümetine we halkyna uly gynanç bildirýäris” diýildi.

Nigeriýanyň demirgazyk Gündogarynda ýerleşýän Borno welaýatynda terror guramasy Boko Haram tarapyndan metjide guralan bombaly hüjümde 8 adam ýogalypdy, 7 adam ýaralanypdy.

Ýobe welaýatynyň Tarmuwa etrapçasynda harby güýçler bilen Boko Harama agza terrorçylaryň arasynda bolan çaknyşykda hem nigeriýaly köp sanly esger ýogalypdy.

Nigeriýada 2000-njy ýyllardan bäri iş alyp barýan terror guramasy Boko Haram 20 müňe golaý adamyň ýogalmagyna sebäp boldy.



Degişli Habarlar