Türkiýe Eýrana sanksiýa goýulmagyna goldaw bermez

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň Eýrana sanksiýa goýulmagyna goldaw bermejekdigini aýtdy

1018655
Türkiýe Eýrana sanksiýa goýulmagyna goldaw bermez

 

DKTR-da saparda bolan Çawuşogly ABŞ-nyň Eýrana sanksiýa goýulmagy baradaky karary hakynda garaýyş beýan etdi.

Eýrana  goýlan sanksiýalaryň ABŞ bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklara täsirini ýetirip ýetirmejekdigi hakyndaky soraga jogap beren Çawuşogly “ABŞ-dan ýörite wekiliýet geldi. Biz sanksiýalara goldaw bermejekdigimii aýtdyk. Bir amatly nyrhdan Eýrandan nebit alýarys”diýdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly “Türkiýe hökmünde ABŞ-nyň Eýrana sanksiýa goýmagyna garşydygymyzy aýtdyk. Eýran meselesinde haýsydyr bir ýurduň sanskiýasyna goldaw bermäge mejbur däldiris” diýdi.



Degişli Habarlar