TÝG-nyň howa hüjüminde PKK-nyň logistika boýunça jogapkäri öldürildi

Operasiýa bilen baglanşykly Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Twitter hasabyndan wideo paýlaşyldy

1015374
TÝG-nyň howa hüjüminde PKK-nyň logistika boýunça jogapkäri öldürildi

 

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygyna 13-nji iýulda guralan howa hüjümlerinde täsirsiz ýagdaýa getirilen 3 terrorçynyň 1-iniň ekstremist terror guramasy PKK-nyň logistika boýunça jogapkäri Hasan Çakmakdygy mälim edildi.

Baş ştab tarapyndan berilen beýanatda aralarynda “Delil Karakoçan” ady bilen tanalýan Hasan Çakmak hem bolan 3 terrorçynyň ýarag, ok-däri we neşe maddalaryny geçirýän mahaly howa hüjümleri bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigi beýan edildi.  

Operasiýa bilen baglanşykly Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Twitter hasabyndan paýlaşylan wideoda bir ulagyň neşe maddalaryny geçirýän mahaly nyşana alynyp, ýok edilendigini görüp bolýar.



Degişli Habarlar