Prezident Erdogan şu gün kasam eder

Dabaradan soň Prezident Erdogan myhmanlarynyň hormatyna agşam naharyny berer

1008517
Prezident Erdogan şu gün kasam eder

 

Rejep Taýýip Erdoganyň Prezidentiň Kompleksinde geçiriljek Kasam edişlik dabarasyna 22 ýurdyň Döwlet Baştutany, 28 ýurdyň Premýer ministri we Parlamentiň başlyklary bilen Halkara guramalaryň 6 Baş sekretary gatnaşar.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniň wagty bilen sagat 16:30-da Türkiýäniň Beýik Millet mejlisiniň Umumy geňeşinde kasam eder, ondan soň bolsa Respublikanyň esaslandyrjysy bolan Atatürkiň aramagähi Anytkabire barar.

Prezidentiň Kompleksinde Türkiýäniň wagty bilen sagat 18:00-da bolsa daşary ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň, hökümetiň, mejlisiň we wekiliýetiň ýolbaşçylary bilen birlikde, Türkiýäniň ähli gatlaklaryna wekilçilik edýän toparlaryň gatnaşmagynda wezipä başlamak dabarasy geçiriler.

Şol çäkde Bolgariýanyň Prezidenti Rumen Radew, Gruziýanyň Prezidenti Giorgi Margwelaşwili, Makedoniýanyň Prezidenti George Iwanow, Moldowanyň Prezidenti Igor Dodon, Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidiumynyň Başlygy Bakir İzetbegowiç, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandar Wuçiç, Kosowanyň Prezidenti Haşim Thaçi, Kataryň Emiri Şeyh Temim Bin Hamad El Sani, Pakistanyň Prezidenti Memnun Hüseyin, DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sooranbaý Žeenbekow, Sudanyň Prezidenti Ömer El Beşir, Gwineýanyň Prezidenti Alfa Konde, Zambiýanyň Prezidenti Edgar Lungu, Gwineýa-Bisaunyň  Prezidenti Žoze Mario Waz, Ekwador-Gwineýanyň Prezidenti Teodoro Obiang, Somaliniň Prezidenti Muhammed Abdullahi Muhammed Farmažo, Mawritaniýanyň Prezidenti Mohamed Ould Abdel Aziz, Gabonyň Prezidenti Ali Bongo Ondimba, Çadyň Prezidenti Idriss Deby Itno, Jibutiniň Prezidenti Ismail Omar Guelleh, Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro Türkiýä geler.

Bu dabaradan soň Prezident Erdogan myhmanlaryň hormatyna agşam naharyny berer.



Degişli Habarlar