Türkiýede terrora garşy göreş dowam edýär

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Mardin, Hakkari we Şyrnak welaýatlarynda geçiren operasiýasynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 15 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

1006828
Türkiýede terrora garşy göreş dowam edýär

Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä terrora garşy göreşiň çäginde geçirilen operasiýalarda Mardinde 2, Şyrnakda 8, Hakkariniň Kyrykdag diýilen ýerinde 5 bolmak bilen jemi 15 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Mardindäki operasiýalar hem dowam edýär.

Baş ştab hem resmi Twitter hasabyndan Hakkari welýataynda düýn we şu gün geçirilen howa hüjümlerinde 7 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.



Degişli Habarlar