Kalyn “TRT World” teleýaýlymyna benaýat berdi

Kalyn, Türkiýäniň ykdysady ösüş görkezijilerine ünsi çekdi

996609
Kalyn “TRT World” teleýaýlymyna benaýat berdi

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn daşary ýurt habar beriş serişdelerinde möhletinden irki saýlawyň ykdysady sebäplerden geçirilýändigi baradaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini, karary oppozisiýa bilen bilelikde kabul edendiklerini aýtdy.

“TRT World” ýaýlymynda soraglara jogap beren Kalyn, halkara arenasynda möhletinden irki saýlawyň geçirilmegi baradaky kararyň ykdysady sebäplerden kabul edilendigi baradaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini nygtady.

Käbir töwerekleriň ykdysadyýet bilen bagly ýaramaz düşünje emele getirmäge synanşýandygyny nygtan Kalyn, Türkiýäniň ykdysady ösüş görkezijilerine ünsi çekdi.

Kalyn: “Görkezijiler mälim. Geçen ýyl Türkiýe 7,4 göterim ösüş depginine eýe boldy. Şu ýyl bolsa birinji çärýekde maksada ýetdik. Ol hem türk ykdysadyýetiniň kadalydygyny görkezýär. Ýurduň ykdysadyýeti esasan daşarky sebäplerden wagtal-wagtal durnuksyzlaşýar. Emma Türkiýe güýçli ykdysadyýeti bilen şol täsirlerden artykmaç zyýan çekmedi” diýdi.

 



Degişli Habarlar