“Türkiýe, Siriýa bilen bagly alynyp barylýan ähli etapda möhüm bir ýurt”

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň Siriýa bilen bagly alynyp barylýan ähli etapda möhüm bir ýurtdygyny nygtady

995280
“Türkiýe, Siriýa bilen bagly alynyp barylýan ähli etapda möhüm bir ýurt”

Çawuşogly hususy telewideniýeleriň birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.

Siriýadaky çaknyşyklaryň bes edilmegi etabynda Türkiýäniň möhüm bir ýurtdygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: “Çaknyşyklaryň bes edilmegi, ynam artdyryjy ädimler we ynsanperwer kömekler babatynda Türkiýe bir lokomotiwdir. Häzirki wagtda siriýalylaryň yzyna gaýdyp barmagynda we Siriýa bilen baglanşykly ähli ugurda Türkiýe esasy ýurtdyr” diýdi.

Türkiýäniň Siriýada oýun düzýän bir ýurtdygyny aýdan Çawuşogly ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD-ÝPG-niň gözegçiligi astyndaky Manbijde ABŞ bilen ylalaşyga gelinen: sebitiň terrorçylardan saplanmagy, ABŞ tarapyndan terrorçylara berilen ýaraglaryň ýygnalmagy we sebitiň esasy eýelerine berilmegi ýaly ugurlary özünde jemleýän meýilnamanyň Siriýanyň gelejegi üçin wajypdygyny belledi.

Türk esgerleriniň Manbijde gözegçilik we patrullyk etmäge başlandygyny ýatladan Çawuşogly: “ÝPG/PKK Manbijden çykar we ýaraglary ellerinden alynar. Sebit saplananyndan soň esasy eýelerine beriler” diýdi.

Beýleki tarapdan Çawuşogly ABŞ-niň Federal derňew býurosy tarapyndan ýurdyň 20-ä golaý ştatynda FETÖ garşy derňew işiniň başladylandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar