"ABŞ-nyň Türkiýä ýarag satylmagyny saklaýan karary strategik hyzmatdaşlyga bap gelmeýär

Premýer ministr Binali Ýyldyrym ABŞ-nyň Türkiýä ýarag satylmagyny saklaýan kararynyň strategik hyzmatdaşlyga bap gelmeýändigini aýtdy

995101
"ABŞ-nyň Türkiýä ýarag satylmagyny saklaýan karary strategik hyzmatdaşlyga bap gelmeýär

Amerikan senady Goranmak ministrligi Pentagona 2019-njy ýyl üçin 716 milliard dollarlyk bujediň bölünip berilmegini göz öňünde tutýan kanun taslamasyny 85 ses bilen kabul etdi.

Senatda geçirlen sese goýulşykda 10 halk deputaty kanun taslamasyna “garşy” ses berdi.

Taslamanyň Türkiýe bilen arabaglanşykly bölüminde bolsa “Ankaranyň Russiýadan S-400 howadan goranyş ulgamlaryny almagynyň iki ýurduň arasyndaky dartgynlygy möwjedendigi we “ Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygyndan soň gurama bilen arabaglanşygynyň bardygy anyklanylan Amerikaly Andrew Brunsonyň boşadylmalydygy” öňe sürüldi.

Taslamada Türkiýäniň Russiýada S-400 ulgamlaryny almagynyň ABŞ bilen Türkiýäniň arasynda ýarag ulgamlarynyň ösdürilmegi baradaky tagallalara ýaramaz täsirini ýetirip biljekdigi bellenildi.

Taslamada ýokarda ady agzalýan sebäplerden F-35 harby uçary, Patriot howadan goranyş ulgamlary, agyr ýük dik uçarlary, AH-1 kysymly Kobra, H-60 kysymly dik uçarlary bilen F-16 uçarlarynyň Türkiýä satylmagy baradaky işleriň saklanandygy nygtaldy.

ABŞ-nyň karary barada metbugata beýanat beren Premýer ministr Binali Ýyldyrym “Türkiýe alternatiwsiz däl. Biz degişli çäreleri görýäris. Goranyş senagatynda milli we ýerli taslamalara gönükdik. Embaro stategik hyzmatdaşlyga bap gelmeýär” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar