Prezident Erdogan Kandil operasiýasy bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Yragyň demirgazygyndaky Kandil operasiýasynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň strategik taýdan möhüm ýerlerine hüjüm guralandygyny habar berdi

993679
Prezident Erdogan Kandil operasiýasy bilen bagly beýanat berdi

Düýn agşam telewideniýeleriň birinde geçirilen gepleşikde Kandil operasiýasy barada maglumat beren Erdogan ilkinji etapda 20 uçar bilen strategik taýdan 10 ýere hüjüm guralandygyny ýatladyp, ol ýerleriň arasynda ok-däri we ýarag ammarlarynyň bardygyny mälim etdi.

PKK-nyň liderleriniň ýygnanýan ýerlerine hüjüm guralandygyny aýdan Erdogan: “Guramanyň ýolbaşçylarynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini pikir edýäris” diýip belledi.

“Kandile garşy gury ýer operasiýasy guralarmy?” soragyna Erdogan: “Kandiliň ýerleşýän ýeri örän tapawutly bir ýer. Biziň elbetde Demirgazyk Yrakda käbir bazalarymyz bar. Bu bazalar güýçlendirilmeli. Ony ýerine ýetiren mahalymyz hem Yragyň merkezi hökümeti bilen bilelikde etmek isleýäris” diýip jogap berdi.

Sinjar meselesiniň hem üstünde durup geçen Prezident Erdogan ol ýeriň Türkiýe üçin ikinji bir Kandildigini we şol sebäpli özleri üçin örän möhümdigini belläp: “Şonuň üçin Sinjarda hem bular ýaly hereketliligiň bardygyny anyklan badymyza, göni şol bada gerek bolan çäräni göreris. Ol ýerde Milli Razwedka gullugymyzyň sebit bilen baglanşykly anyklaýyş işleri dowam edýär” diýdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #PKK , #Kandil

Degişli Habarlar