Saýlaw kampaniýasyny geçirýän Adalat we ösüş partiýasynyň agzalaryna guralan hüjüm ýazgaryldy

“Howpsyzlyk güýçleri bu wakanyň öňünde we arkasynda kim bar bolsa jogapkärlerini hökmany suratda taparlar”

992834
Saýlaw kampaniýasyny geçirýän Adalat we ösüş partiýasynyň agzalaryna guralan hüjüm ýazgaryldy

Prezident R. T. Erdogan düýn Şanlyurfa welaýatynyň Suruç etrabynda saýlaw kampaniýasyny geçirýän Adalat we ösüş partiýasynyň halk deputaty İbrahim Halil Ýyldyza we hossarlaryna guralan hüjümi ýazgardy.

Prezident Erdogan “Howpsyzlyk güýçleri bu wakanyň öňünde we arkasynda kim bar bolsa jogapkärlerini hökmany suratda taparlar” diýdi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Suruçdaky hüjüm barada beren beýanatynda “Hüjümiň ekstremist terror guramasy PKK-nyň tarapdarlary tarapyndan goralandygy barada howpsyzlyk güýçleriniň subutnamalary bar” diýdi.

Wise-premýer Bekir Bozdag bolsa “Adalat we ösüş partiýasy terror guramalaryna, terrorçylaryna we olaryň tarapdalaryna asla boýun egmedi we egmez” diýdi.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu bolsa hüjümiň öňünden meýilleşdirlendigini nygtady we wakdan soň derňew işiniň gozgalandygyny ýatlatdy.

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Mahir Ünal bolsa “Partiýamyzyň Suruçdaky agzalaryna we saýlawçylarymyza sagdyn pikirlilik çagyryşyny berýärin” diýdi.

Şanlyurfa welaýatynyň Suruç etrabynda saýlaw kampaniýasyny geçirýän Adalat we ösüş partiýasynyň halk deputaty İbrahim Halil Ýyldyza we hossarlaryna düýn ýaragly adamlar tarapynda ot açylypdy.

Wakada Adalat we ösüş partiýasynyň Şanlyurfa halk deputaty İbrahim Halim Ýyldyzyň dogany bilen birlikde 4 adam ýogalypdy, 8 adam hem ýaralanypdy.

Howpsyzlyk güýçleri hüjümden soň waka bilen arabaglanşykly köp sanly adamy saklady.

 

 

 



Degişli Habarlar