"Gresiýa bilen bosgunlary yzyna kabul etmek bilen bagly baglaşylan ylalaşygy duruzdyk"

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Gresiýa bilen bosgunlary yzyna kabul etmek bilen bagly baglaşylan ylalaşygy duruzandyklaryny mälim etdi

988224
"Gresiýa bilen bosgunlary yzyna kabul etmek bilen bagly baglaşylan ylalaşygy duruzdyk"

Çawuşogly Antalýada geçirilen Ýerli media duşuşugy maslahatynda çykyş etdi. 

Mewlüt Çawuşogly metbugat işgärleriniň biriniň: "Gresiýada Fetullahçy terror guramasy FETÖ agzalarynyň kazyýetiň öňüne çykanlaryndan soň azat edildi, bu ýurda garşy nähili çäre görüler?" soragyna: "Resmi Afiny bilen baglaşylan bosgunlary yzyna kabul etmek bilen bagly ylalaşygy duruzdyk" diýip jogap berdi. 

Ministr Çawuşogly: "Gresiýanyň edeni kabul edilip bilinjek bir hereket däl. Harby agdarlyşyklar sebäpli iň kösenen ýurt Gresiýadyr. Hökümet bu meselä dogrudan hem çözgüt tapmak isleýär. Gresiýa Günbatardan uly basyş edilýär, esasan hem Gresiýanyň kazyýetine garşy uly basyş bar. Olara garşy daşary ýurtlardan uly basyş edilýär. ÝB bilen bosgunlar bilen bagly ylalaşygymyz bar, ol dowam edýär. Gresiýa bilen hem ikiçäk ýagdaýda bosgunlary yzyna kabul etmek bilen bagly ylalaşygymyz bar, häzirki wagtda şol ylalaşygy duruzdyk. Etap doly ýagdaýda bes edilmedi, Gresiýa bilen bagly meseleleriň üstünde işleýäris" diýdi. 

 



Degişli Habarlar