Erdogan Fatih Soltan Mehmediň abatlanan türbedini açdy

Türbet bilen ýakyndan tanyş bolan Erdogan degişli ýolbaşçylardan maglumat aldy

982383
Erdogan Fatih Soltan Mehmediň abatlanan türbedini açdy

Prezident R.T.Erdogana açylyşda Medeniýet we syýahatçylyk ministri Numan Kurtulmuş, Stambulyň gubernatory Wasip Şahin, Welaýatyň müftüsi Hasam Kamil Ýylmaz, Medeniýet we syýahatçylyk müdiri Joşkun Ýylmaz, Adalat we ösüş partiýasynyň Stambul welaýat bölüminiň başlygy Baýram Şenojak ýoldaşlyk etdi.

Erdogan ol ýerde sözlän sözünde türbediň abatlanmagynda zahmet çekenlere sagbolsun aýtdy. Erdogan we ýanyndakylar soň doga okadylar.

Türbet bilen ýakyndan tanyş bolan Erdogan degişli ýolbaşçylardan maglumat aldy.

Osman imperiýasynyň 7-nji patyşasy bolan Mehmet 2-nji atlandyrylýan Fatih Soltan Mehmet Ýewropada Grand Turko (Beýik Türk) ýa-da Turkarum İmperator (Türk imperatory) aradan çykýança 32 ýylyň dowamynda höküm sürdi we 21 ýaşynda 1453-nji ýylda Stambuly zabt edip, müň ýyllyk Wizantiýa imperiýasyny syndyrdy we orta asyry ýapyp, täze asyry açdy.



Degişli Habarlar