Prezident Erdogan Erzurumda halka ýüzlenip çykyş etdi

Erdogan çykyşynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçdi

979558
Prezident Erdogan Erzurumda halka ýüzlenip çykyş etdi

Prezident R. T. Erdogan Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin etrabynda geçirilýän Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sanynyn 4475-e, Yragyň demirgazygynda täsirsiz ýagdaýa getirlen PKK-ly terrorçylaryň sanynyň 414-e, ýurduň içinde täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sanynyň hem 398-e ýetendigini aýtdy.

Prezident Erdogan Erzuruma guran iş saparynyň çäginde Istaston meýdanynda halka ýüzlenip çykyş etdi.

Prezident Erdogan çykyşynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçdi.

 Erdogan “Russiýadan Mawy Akym we Günbatar geçirijisinden alýan gazymyzyň nyrhynyň 2015-nji ýylda aşakladylmagyny talap edipdik. Ilki şol talabymyz kabul edilmedi.  Geçirlen gepleşikleriň netijesinde bolsa 2015-2016-njy ýyllarda Russiýadan alan gazymyzyň nihrynyň 10,25 göterim aşakladylmagy babatynda ylalaşyk gazandyk. Russiýa iki ýylda alan tebigy gazymyz üçin tölenen pulyň 1 milliard dollaryny bize yzyna berer” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar