Türkiýäniň Prezidenti ertir Britaniýa gider

Prezident R.T. Erdogan 13-15-nji maý aralygynda saparda boljak Beýik Britaniýada ýurdyň Şa zenany II Ýelizaweta we Premýer ministri Tereza Meý bilen duşuşar

969292
Türkiýäniň Prezidenti ertir Britaniýa gider

Prezident Diwanynyň Metbugat merkezinden berilen beýanata görä Erdogan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda özgermegini dowam etdirýän, Türkiýäniň strategik hyzmatdaşy Beýik Britaniýa gider.

Erdogan saparynyň çäginde ýurdyň Şa zenany II Ýelizaweta we Premýer ministri Tereza Meý bilen duşuşar.

Saparynyň çäginde Türk-Iňlis Süýjidil forumynyň 7-nji maslahatynyň ýapylyşyna gatnaşjak Türk lider iki ýurdyň işewür adamlary we maýadarlary bilen duşuşyk geçirer.  

Erdogan dünýäniň ady belli analitik guramalaryndan biri bolan Chatham Housede geljek myhmanlara ýüzlenip çykyş eder.

Prezident Erdoganyň London saparynda ykdysadyýet, söwda, howpsyzlyk, goranmak senagaty, medeniýet ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyklaryň özgerdilmegi, Siriýadaky we Yrakdaky wakalary, Giňişleýin umumy hereket meýilnamasy (KOEP) başda bolmak bilen sebitleýin meseleleri we terrora garşy umumy göreş meselelerini ele almagyna garaşylýar.

Terrora garşy göreş başda bolmak bilen sebitleýin we global synaglaryň öňünde ähli derejede dialog içinde bolan Britaniýa bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda kuwwat 16 milliard dollardan gowrak bolup, Beýik Britaniýa Türkiýäniň iň uly ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar.



Degişli Habarlar