TÝG Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Zeýtun şahajygy operasiýasynyň başlan gününden bäri 4448 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi

969201
TÝG Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen bagly beýanat berdi

Baş ştab Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/KJK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, sebitiň dost we dogan halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek maksady bilen 20-nji ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen bagly beýanat berdi.

Beýanata görä operasiýanyň çäginde terror guramasyna agza terrorçylar bilen bolan çaknyşyklarda 54 esger şehit boldy, 233 esger ýaralandy.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Azat Siriýa Goşuny tarapyndan 18-nji martda gözegçilik astyna alynan Afrinde mina we elde ýasalan partlaýjy maddalaryň saplaýyş işleri dowam edýär.  

Operasiýanyň çäginde şu günki güne çenli 214 mina we elde ýasalan 1159 partlaýjy ýok edildi.  

AFAD, Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti we BMG tarapyndan iberilen ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegini üpjün edýän Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Afrinde durmuş şertleriniň kadalaşmagy üçin işlerini dowam etdirýär.



Degişli Habarlar