Erdogan Fransiýa Gurhan bilen bagly reaksiýa bildirdi

Prezident Erdogan Fransiýa Gurhan bilen bagly reaksiýa bildirip: "Biz siziň edýäniňiziň tersine mukaddeslikleriňize dil ýetirmeris" diýdi

966353
Erdogan Fransiýa Gurhan bilen bagly reaksiýa bildirdi

Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş etdi.

Erdogan çykyşynda Fransiýada aralarynda ýurdyň ozalky Prezidenti Nikolýa Sarkozi hem bolan 300 adamyň goly bilen çap edilen Gurhanyň käbir aýatlarynyň aýrylmagy baradaky bildirişe berk reaksiýa bildirdi.

Türk lider: “Fransiýada käbir özüni bilmeýänler Gurhandan käbir aýatlaryň aýrylmagy bilen bagly bildiriş çap edipdirler. Öz durmuşlarynda Injili, Töwrady, Zebury okadylarmyka? Okan bolsalar, öz kitaplarynyň gadagan edilmegini islärdiler” diýdi.

Erdogan: “Eý Günbatar siz biziň mukaddes kitabymyza dil ýetirseňizem, biz siziň mukaddeslikleriňize dil ýetirmeris, emma sizi serpikdireris. Şonu hem bilip goýuň. Biziň mukaddesliklerimize dil ýetirer ýaly siz kim bolýarsyňyz. Biz siziň nähili derejede ýüzsüzdigiňizi bilýaris” diýip belledi.


Etiketkalar: #Erdogan , #Fransiýa , #Gurhan

Degişli Habarlar