Prezident Erdogan saýlaw manifestini beýan etdi

Ýurdyň Prezidenti we Ak partiýanyň başlygy R.T. Erdogan Sinan Erdem sport zalynda geçirilen Ak partiýanyň Stambul welaýat kongresinde saýlaw manifestini beýan etdi

965070
Prezident Erdogan saýlaw manifestini beýan etdi

Erdogan: "Öňümizdäki döwürde ahlak, ygtyýar we mertlik bilen Türkiýe galkynar. Täze döwürde Türkiýä ösen medeniýet derejesiniň üstüne çykjakdygyny, prosentleriň, inflýasiýanyň we ýetmezçiligiň azaljakdygyna söz berýärin" diýdi. 

Erdogan: "Düzüminde bolan dünýäde Türkiýe sebitiniň iň uly güýji ýagdaýyna gelýär. Täze döwürde Türkiýe global bir güýç, öňde barýan bir ýurt bolar" diýdi. 

Erdogan saýlawlardan soň Prezident ulgamy bilen beýgeliş we ýaňadandan özgeriş maksadynyň ähli taraplaýyn durmuşa geşjekdigini belledi. 

Erdogan: "Mejlis kanun çykarmaga we hökümede gözegçilik etmäge, hökümet täsirli dolandyryşa, kazyýet bolsa garaşsyz we bitarap ýagdaýda adalatyň ýola goýulşyna gönüger" diýdi. 

Erdogan: "Demokratik syýasatyň institusionalizasiýaşjak bu täze ulgamda, durnuklylyk hemişelik bolar. Çalt karar bermek, tiz ýerine ýetiriş we täsirli dolanşyk bilen ykdysadyýet ösmäge başlar" diýdi. 

Erdogan: "Prezident dolanşygy ulgamy bilen milli girdeji we ilatyň ähli gatlagyna ýaýrajakdygy üçin girdejileriň arasyndaky tapawut tiz ýagdaýda azalar" diýdi. 

Erdogan: "Her kimiň emläginiň howpsyzlygy we söwda etmek azatlygy, has güýçli bir ýagdaýda hukuk döwletiniň kepilliginiň astynda bolar" diýdi. 

Erdogan: "Daşary syýasatymyzyň esasy ýörelgeleri Garaşsyzlyk, Milli bähbit, Milli howpsyzlyk we wyždany pozisiýa bolmaga dowam eder. Hiç kimiň agalygyny kabul etmeýşimiz ýaly, hiç kimede agalyk etmeris" diýdi. 

Erdogan: "Global bir güýç bolmak üçin öz ýaraglarymyzy öndürmäge dowam ederis. Altaý taňkymyz ýaly, Atak dik uçarlarymyz ýaly, Uçarmansyz howa ulaglarymyz ýaly, Ýaragly uçarmansyz howa ulaglarymyz ýaly goranmak senagatymyzyň önümini artdyrarys. Maksadymyz gury ýerde, howada, deňizde, her ugurda 100 göterim öz ýerli goranyş ulgamlarymyzy Türkiýe hökmünde öndürmek" diýdi. 

Erdogan: "Aýnelarabdan Hasekä, ol ýerden hem Sinjara we Kandile çenli iň soňky terrorçy ýok bolýançä çenli operasiýalarymyz dowam eder" diýip belledi. 



Degişli Habarlar