Wise-premýer Bozdag Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Bangladeşde geçirlen maslahatyna gatnaşdy

Bozdag, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Töwellaçy dostlar toparynyň döredilmegi baradaky işlere hoşallyk bildirdi

964421
Wise-premýer Bozdag Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Bangladeşde geçirlen maslahatyna gatnaşdy

Wise-premýer Bekir Bozdag Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Bangladeşde geçirlen maslahatyna gatnaşdy.

Maslahatyň açylyş dabarasynda söz sözlän Bozdag “Iýerusalim musulman dünýäsi üçin mukaddesdir. Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň 2017-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Stambulda geçirlen nobatdan daşary maslahatynda Palestinanyň paýtagty hökmünde Iýerusalimiň taryhy statunyň goralmagy meselesinde halkara jemgyýetçiligine möhüm ýüzlenme berildi” diýdi

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň gurluşynyň üýtgedilmegi meselesinde Türkiýe bilen Bangladeşiň noýabr aýynda Stambulda maslahat geçirmegi baradaky ýörite taslama hödürländigini aýdan Bozdag, agza ýurtlaryň taslama goldaw bermegini isledi.

Bozdag, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Töwellaçy dostlar toparynyň döredilmegi baradaky işlere hoşallyk bildirdi

 



Degişli Habarlar