Prezident Erdogan Seulda “Aýla” filminiň gahrymany 73 ýaşyndaky Eunža Kimi kabul etdi

Kabul edilşiklere Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji hem gatnaşdy

963248
Prezident Erdogan Seulda  “Aýla” filminiň gahrymany 73 ýaşyndaky Eunža Kimi kabul etdi

Prezident R.T. Erdogan Günorta Koreýa guraýan resmi saparynyň ikinji gününde ilki Koreý urşy ýyllarynda başdan geçirlen wakany gürrüň berýän “Aýla” filminiň hakyky gahrymany 73 ýaşyndaky Eunža Kimi kabul etdi.

Prezident Erdogan paýtagt Seulda bolýan myhmanhanasyndaky kabul edilşikden soň dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan Koreýaly tehnalogiýa firmalary Hanwha, Daelim we GS firmasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Kabul edilşiklere Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji hem gatnaşdy.

Prezident Erdogan soň bolsa Samsung digital şäherine baryp gördi.

Erdogan Öbegistana we Günorta Koreýa guran saparynda özüne ýoldaşlyk eden köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşdy we žurnalistleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky soraglaryna jogap berdi

 

 



Degişli Habarlar