Erdogan Günorta Koreýa bardy

Prezident R.T.Erdogan Demirgazyk we Günorta Koreýanyň liderleriniň geçen hepde geçiren duşuşyklarynyň gorkulary ortadan aýyrandygyny aýtdy

962103
Erdogan Günorta Koreýa bardy

Düýn resmi sapar bilen Günorta Koreýa giden Erdogan kärdeşi Mun Ži-in tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

“Gök öý” atlandyrylýan Prezident köşkündäki garşylama dabarasynyň geçirilen zalynda Prezident Erdogan bilen Günorta Koreýanyň Prezidenti Munyň özara duşuşy9gy bir sagada golaý dowam etdi.

Soň toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk eden liderler maslahatyň metbugata açyk bölüminde çykyş etdiler.

Erdogan sözlerine: “Hormatly Prezident! İlki bilen ýokary myhmansöýerlik üçin sagbolsun aýdýaryn” diýip başlady.

Ähli zatdan ozal Günorta we Demirgazyk Koreýanyň arasynda geçirilen, dünýä parahatçylygyna uly goşant goşjak duşuşyk mynasybetli öz adyndan we milletiniň adyndan gutlagyny beýan eden Erdogan; “Eýsem ol dünýädäki emele gelen gorkulary, aladalary ortadan aýyran duşuşyk boldy. Sizi geçiren üstünlikli duşulşygyňyz mynasybetli gutlaýarys. Biz bu ygrarly çemeleşmäniň dowam etjekdigine doly ynanýarys” diýdi.

Erdogan esasanda bu tapgyryň Demirgazyk Koreýa tapawutly ýurtlar bilen gepleşiklerini dowam etdiren halatynda has netijeli duşuşyklara sebäp boljakdygyna ünsi çekip; “Biz bu meselede öz üssümize düşýän jogapkärçilik bar bolsa, ýerine ýetirmäge taýar” diýdi.

Erdogan, Günorta Koreýa bilen Türkiýäniň söwda gatnaşygynyň 7,5 milliard dollara barabardygyny we onuň ýeterlik däldigini nygtap sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Biz söwda gatnaşyklarymyzyň has-da ösmegini isleýäris. İki ýurduň hem ilat potensialy, hem G-20-niň düzümine girýän ýurtlar hökmünde onuň mukdary artdyrylmaly diýip pikir edýärin.häzirki wagtda Türkiýe we Günorta Koreýa jemi 132 million ilata eýe. 132 million, şeýle ilat sanyna görä söwda mukdarymyz iňňän pes. Ol 10-15 milliard dollara näme üçin ýetmesin. Esasanda goranyş senagatynda we ösen tehnologiýalar boýunça bilelikde edere işimiz köp.”



Degişli Habarlar