Erdogan we Mirziýoýew Türkiýe-Özbegistan Işewürler forumyna gatnaşdy

Prezident Erdogan Türkiýe bilen Özbegistanyň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň diňe girdeji we maddy bähbit maksatly bolmandygyny belledi

961694
Erdogan we Mirziýoýew Türkiýe-Özbegistan Işewürler forumyna gatnaşdy

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan we kärdeşi Şewket Mirziýoýew Özbegistanyň EXPO merkezinde Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi DEIK tarapyndan guralan Türkiýe-Özbegistan Işewürler forumynda türk we özbek işewür adamlara ýüzlenip çykyş etdiler.

Özbegistanyň Orta Aziýanyň ilatynyň ýarsyna golaýyny özünde jemleýän güýçli oba-hojalyk we senagat mümkinçiligine, baý tebigy çeşmelerine eýe bolan, maýa pudaklary bar bolan doganlyk bir ýurtdygyny bellän Erdogan bütin Orta Aziýa ýurtlaryna we Owganystana goňşy bolan ýeke täk ýurt Özbegistanyň geografik ýerleşişiniň hem uly bir artykmaçlykdygyny habar berdi.

Erdogan özbegistanlylaryň 27 ýyl ozal garaşsyzlyklaryna eýe bolmagynyň we Özbek baýdagynyň ýaňadandan al-asmanda pasyrdamagynyň Türkiýede şatlyk döredendigini ýatlatdy.

Türkiýäniň Özbegistan Respublikasyny ykrar eden ilkinji ýurtdygyny aýdan Erdogan Türkiýäniň garaşsyzlykdan soň edilen milli ykdysady ädimleri hem bütin güýji bilen goldandygyny nygtady.

Prezident Erdogan türk maýadarlaryň Özbegistanyň galkynyşynda möhüm rol oýnandygyny belläp: “Şol döwürde türk kärhanalary bilen durmuşa geçirilen taslamalar şu günki günde Özbegistanyň ykdysadyýetine uly goşant goşdy. Ferganadaky we Buharadaky nebiti gaýtdan işleýän zawodlar, abatlanan howa menzili, terminallar, ilkinji şeker fabrigi ählisi siziň eseriňizdir” diýip beýan etdi.

Erdogan iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň kärdeşi Mirziýoýewiň 2017-nji ýylda Türkiýä guran sapary bilen has hem güýçlenendigini mälim etdi.

Iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk derejesine çenli ýokarlandygyny, bu sapar bilen hem gatnaşyklary has hem ösdürendiklerini aýdan Erdogan: “Strategik hyzmatdaşlygymyzyň tejribede durmuşa geçirmek üçin gerek bolan mehanizmi ýagny Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşini döredýäris” diýdi.

Türkiýäniň dünýäniň iň uly 17-nji, Ýewropanyň iň uly 6-njy ykdysadyýetidigini aýdan Erdogan 81 million ilaty we 390 milliard dollarlyk daşary söwda kuwwady bilen Türkiýäniň iňňän uly bazardygyny habar berdi.

Erdogan dünýäniň iň uly 250 potratçy kärhanasy sanawynda 2016-njy ýylda 46 türk firmasynyň bardygyny, Türkiýäniň bu nukdaýnazardan dünýäde 2-nji orundadygyny belledi.

Erdogan: “Hem raýatlarymyza wiza erkinligini döretmegiňiz hem-de Stambul-Samarkant uçar gatnawlaryny ýola goýmagyňyz raýatlarymyzy biri-birine has hem ýakynlaşdyrdy” diýdi.



Degişli Habarlar