Erdogan Demirgazyk we Günorta Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine goldaw berýär

"Koreýa Ýarym adasynyň ýadro ýaraglaryndan saplanmagy üçin ädilen aýgytly ädime goldaw berýäris"

960138
Erdogan Demirgazyk we Günorta Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine goldaw berýär

Prezident R. T. Erdogan Demirgazyk we Günorta Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi we Koreýa Ýarym adasynyň ýadro ýaraglaryndan saplanmagy üçin ädilen aýgytly ädime goldaw berýändiklerini aýtdy.

Erdogan Twitter arkaly beren beýanatynda Günorta Koreýanyň Prezidenti Mun In bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Unyň düýn Phanmunžonda geçiren gepleşiklerinden hoşaldygyny aýtdy.

2-nji maýda Seula gurajak saparynyňçäginde kärdeşi Mun İn bilen mesele barada gepleşik geçirjekdigini aýdan Erdogan “Demirgazyk we Günorta Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi we Koreýa Ýarym adasynyň ýadro ýaraglaryndan saplanmagy üçin ädilen bu taryhy başlangyja goldaw berýärin we etabyň oňyn netije bermegini dileýärin” diýdi.

Prezident Erdoganyň ýüzlenmesi koreý dilinde terjime edildi.

 



Degişli Habarlar