Türkiýe Ýunkeriň grek Parlamentinde beren beýannamasyna reaksiýa bildirdi

Bu barada DİM-niň metbugat sekretary beýannama berdi

959573
Türkiýe Ýunkeriň grek Parlamentinde beren beýannamasyna reaksiýa bildirdi

Türkiýe ÝB Komissiýasynyň Başlygy Ýan Klod Ýunkeriň Gresiýanyň Parlamentinde beren beýannamalaryny “esassyz we sowuk-sala” diýip hasaplaýar

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Hami Aksoý Ýunkeriň beýnnamalary barada; “Sowuk-sala we hukuky esasdan mahrum bolan beýannamany ret edýäris” diýdi.

Aksoý Ýunkeriň Gresiýanyň Parlamentindäki çykyşynda Türkiýe baradaky sözleri bilen bagly soraga jogap berdi.

Hami Aksoý ÝB Komissiýasynyň Başlygy Ýan Klod Ýunkeriň Gresiýanyň Parlamentinde sözlän sözünde Türkiýäni gyzyklandyrýan meselelerde “Bileleşik arkalaşygy” ady astynda bilermen ýaly höküm çykarma endigini dowam etdirendigini görendiklerini nygtap; “Egeý we Gündogar Ortaýer deňzi baradaky grek tezislerine esaslanýan şol beýnnama bilen ÝB-niň ýolbaşçylarynyň ynamdarlygy günsaýyn azalýar. Sowuk-sala we hukuky esasdan mahrum bolan şol beýannamalary ret edýäris” diýdi.

Ýunkeriň mart aýynda Edirne welaýatynda harby taýdan gadagan bolan zolaga girendigi sebäpli tussag edilen iki sany grek esgeri baradaky “Hökmany suratda boşadylmaly” diýmegine geň galandyklaryny nygtan Hami Aksoý; “Türk kanunlaryny bozan grek esgerlerinibň garaşsyz kazyýetiň öňünde haýsydyr bir özboluşlyklary ýok. Göwünlerine düşende hukuk döwletini ýada salýan, bähbitlerine gezek gelende bolsa dowam edýän kazyýet işine goşulyşýan beýannamalar berýän ikiýüzli çemeleşmäni ýazgarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar