Prezident Erdogan Hytaýyň Döwlet başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan Hytaýyň Döwlet başlygy  Şi Sinping bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

954977
Prezident Erdogan Hytaýyň Döwlet başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler barada pikir alşdy.

Prezident Erdogan Hytaýyň Döwlet başlygyna Siriýada dartgynlygyň möwjemeginiň öňüniň alynmagynyň möhümdigini nygtady.

Mesele barada berlen beýanata görä, Türkiýe bilen Hytaýyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösdürilmeginiň çäginde Türkiýä goýuljak maýa goýumlar barada pikir alyşan iki lider, Siriýadaky soňky wakalary hem ara alyp maslahatlaşdy.

Siriýanyň territorial bitewiliginiň goralmalydygyny nygtan iki lider terrora garşy bilelikdäki göreşiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde XIII Milli Halk kongresinde ýaňadandan Döwlet başlyklygyna saýlanandygy sebäpli Hytaýyň Döwlet başlygy Şini ýene-de bir gezek mähirli gutlady.

 


Etiketkalar: #Erdogan , #kärdeş , #Hytaý

Degişli Habarlar