Prezident Erdogan Eýranyň Prezidenti Ruhani bilen söhbetdeş boldy

Telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky soňky wakalar bilen birlikde Türkiýe-Eýran gatnaşyklar ara alynyp maslahatlaşyldy

953454
Prezident Erdogan Eýranyň Prezidenti Ruhani bilen söhbetdeş boldy

Prezident Diwany çeşmelerinden alynan maglumata görä Erdogan bilen Ruhaniniň arasynda geçen telefon söhbetdeşliginde türk lider himiki ýaragyň ulanylmagy babatynda Türkiýäniň pozisiýasynyň açykdygyna üns çekdi.

Prezident Erdogan häzirki wagtda ýagdaýy dartgynlaşdyrmazlygyň we wakalary öz kontekstinde netijelendirmegiň möhümdigi bellendi.  

Iki lider Siriýanyň territorial bütewiliginiň goralmagyň we krizise syýasy çözgüt tapmak üçin Türkiýäniň, Eýranyň we Russiýanyň Astana etabynyň çäginde umumy tagalla etmäge dowam etmegiň möhümdigini bellediler.

Telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň barha güýçlenýändigine hoşallyk bildirildi.



Degişli Habarlar