NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberg Ankara geldi

Stoltenberg Ankara Milli goranmak ministri Nurettin Janikli harby dabara bilen garşylandy

952464
NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberg Ankara geldi

Stoltenberg we Janikli soň bolsa toparara gepleşiklere gatnaşdylar.

Janikli gepleşiklerden ozal Stoltenberge: “Terrorçylyga garşy göreşde berýän goldawyňyz we düşünjeliligiňiz üçin sagbolsun aýdýarys” diýdi.

Ýens Stoltenberg Baş Ştabyň başlygy Hulusi Akar we Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen hem duşuşar.

Saparyň dowamynda terrorçylyga garşy göreş, Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda ekstremist terror guramasy PKK/KJK/PÝD-ÝPG-niň we DAİŞ-iň agzalaryny täsirsiz ýagdaýa getirmek, dost we doganlyk halky basyşdyr-zulumdan halas etmek üçin 20-nji ýanwarda başladan “Zeýtun Şahajygy” operasiýa, Türkiýe-NATO gatnaşyklary, 2018-nji ýylda geçiriljek Brýussel sammidi we sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşylar.

Duşuşyklaryň dowamynda ABŞ-nyň, Fransiýanyň we Britaniýanyň Siriýada hökümete garşy geçiren operasiýasy barada pikir alyşylar.

Stoltenberg Prezident R.T.Erdogan tarapyndan hem kabul ediler.



Degişli Habarlar