NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg Ankara gelýär

ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň Siriýanyň hökümetine garşy guran howa hüjümi meselesi seljerler

951755
NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg Ankara gelýär

 

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg şu gün Ankara gurajak saparynyň çäginde Prezident R. T. Erdogan, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Milli Goranmak ministri Nurettin Janikli we Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar bilen duşuşar.

NATO-nyň Baş sekretarynyň saparynyň çäginde Türkiýe-NATO gatnaşyklary, Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin etrabynda geçirilýän Zeýtun şahajygy operasiýasy, terrora garşy göreş we  NATO-nyň Brýusselde geçiriljek maslahaty we sebitara meseleler gün tertibine getirler.

ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň Siriýanyň hökümetine garşy guran howa hüjümi meselesi hem seljerler.

 

 



Degişli Habarlar