Mewlüt Çawuşogly Gresiýa bilen başdan geçirilen soňky wakanyň üstünde durup geçdi

Mewlüt Çawuşogly paýtagt Ankarada saparda bolýan NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen duşuşyk geçirdi

952615
Mewlüt Çawuşogly Gresiýa bilen başdan geçirilen soňky wakanyň üstünde durup geçdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly paýtagt Ankarada saparda bolýan NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen geçiren metbugat ýygnagynda grek tarapynyň Egeý deňizinde krizise sebäp bolup biljek ädimler etmeli däldigini belledi.

Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda meseleleriň we gapma-garşylyklaryň bardygyny, emma pikir aýralygy bolan mahaly ony ulaltman hötdesinden gelmegiň gerekdigini aýdan Çawuşogly: "Ozalky şertnamalar bilen kimiňkidigi belli bolmaýan kiçi adalar bar. Gresiýa adalaryň özüne degişlidigini aýdýar. Biz hem Türkiýe hökmünde ýok biziňki diýýäris. Gresiýanyň Goranmak ministriniň lälikliginiň iki ýurdyň arasynda uly uly meselä öwrülmezligi gerek. Düýn agşam baýdak dikildi, ýöriteleşdirilen harby toparlarymyz gidip alyp gaýtdy. Bular gerek zat däldi. Egeý deňizinde krizis emele getirjek ädimler etmeli däl. Populizmiň Gresiýa peýdasy ýok" diýdi.



Degişli Habarlar