Erdogan: “PKK-nyň we FETÖ-niň dönükleri adalata hasabat berýär”

Prezident R.T.Erdogan Siriýanyň halkyna Türkiýeden başga ýurduň geljek wada bermeýändigini aýtdy

952117
Erdogan: “PKK-nyň we FETÖ-niň dönükleri adalata hasabat berýär”

Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň Stambulyň Üsküdar etrabyndaky maslahatynda çykyş etdi.

Çykyşynda Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda 20-nji ýanwar ekstremist terror guramasy PKK/PÝD/ÝPG-ä we DAİŞ-e garşy başladan “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynda häzirki wagta çenli 4,163 terrorçynyň ýok edilendigini nygtan Erdogan; “Biz garşymyza çykarylan terror guramalaryna garşy egikşiksiz göreşýäris. Häzirki wagtda Fetullahçy terror guramasyndan daşary ýurtlardan getirilen terrorçylaryň sany 80. PKK-nyň we FETÖ-niň dönükleri adalata hasabat berýär” diýdi.

Azat Siriýa goşunynyň Türk ýaragly güýçleri bilen bilelikde Siriýada terrorçylara garşy söweşýändigini nygtan Erdogan: “Sebitimizde oýnalýan oýunlary bozýarys” diýdi.

“Siriýanyň halkyna geljek wada berýäň Türkiýeden başga ýurt ýok. Siriýada howpsyz zolaklar döredip, bosgunlaryň ýurtlaryna gaýdyp barmagy üpjün edilmeli” diýdi.

İndi Siriýada Türkiýesiz haýsydyr bir başlangyjyň edilmeginiň mümkin bolmandygyny aýdan Erdogan; “ABŞ, Britaniýa we Fransiýa bilen bilelikde hökümetiň himiki ýarag desgalaryna guran soňky hüjüminde ýene-de bir gezek görşümiz ýaly bu iş ýönekeý çäreler bilen gutarmaýar” diýdi.

 



Degişli Habarlar