Erdogan bilen Putin bilen Siriýa barada pikir alyşdy

Erdogan bilen Putin ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň Siriýanyň hökümetine garşy guran howa hüjümi barada pikir alyşdy

951655
Erdogan bilen Putin bilen Siriýa barada pikir alyşdy

 

Prezident R. T. Erdogan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetşlik geçirdi.

Mesele hakynda berlen beýanatda Erdogan bilen Putiniň ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň Siriýanyň hökümetine garşy guran howa hüjümi barada pikir alyşdy.

Prezident Erdogan Türkiýäniň himiki ýaragyň ulanylmagyny berk ýazgarýandygyna ünsi çekdi we sebitde dartgynlygyň möwjemeginiň öňüniň alynmalydygyny belledi.

Siriýada dartgynlygyň azaldylmagy we meseläniň syýasy taýdan çözülmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini aýdan iki lider, özara we sebitara meselelerde ýakyndan aragatnaşyk saklajakdyklaryny belledi.

 



Degişli Habarlar