Erdogan Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R.T.Erdogan Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

947486
Erdogan Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezidentiň metbugat gullugyndan alynan maglumata görä söhbetdeşlikde özara gatnaşyklar bilen Siriýadaky soňky wakalar barada pikir alyşyldy.

Prezident Erdoganyň Dumadaky we Gündogar Gutadaky hüjümlere adala bildirip, asuda ilatyň ýitgi çekmeginiň öňüniň alynmagy we ynsanperwer kömekleriniň ýetirilmegi üçin bilelikde işleşmegiň ähmiýetini nygtady.

Liderleriň üstümizdäki aýyň başynda Ankarada geçirilen Türkiýe-Russiýa ýokary derejeli Hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynyň we Siriýa boýunça Üçtaraplaýyn maslahatyň netijelerine kanagatlanma bildirendikleri nygtaldy.


Etiketkalar: #Russiýa , #Erdogan , #Putin

Degişli Habarlar