Ekstremist terror guramasy PKK-a garşy operasiýalar dowam edýär

Operasiýalada 108 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

946346
Ekstremist terror guramasy PKK-a garşy  operasiýalar dowam edýär

Ekstremist terror guramasy PKK-a garşy ýurduň içinde  we Yragyň demirgazygynda  yzygiderli ýagdaýda operasiýalar geçirilýär.

Soňky 1 hepde-de Mardin, Tunjeli, Diýarbakyr, Şyrnak, Agry welaýatynda we Yragyň demirgazygynda köp sanly operasiýa geçirildi.

Şol operasiýalarda jemi 108 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Şol terrorçylardan 31-niň ýurduň içinde, 77-siniň hem daşary ýurtda täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi.

Täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylardan 4-niň guramanyň liderdigi aýdylýar.

Operasiýalarda elde ýasalan 59 partlaýjy maddasy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Terrorçylar tarapyndan ulanylýan 56 ýarag bilen birlikde köp sanly gaçybatalga we gowak hatardan çykaryldy.

Operasiýalarda 10 esger  şehit boldy 29 esger ýaralandy.



Degişli Habarlar