Siriýada bolşy ýaly Yragyň demirgazygynda hem ýüzlerçe terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

R. T. Erdogan partiýasynyň Aýdyn welaýatynda geçirlen VI gurultaýynyň öňüsyrasynda halka ýüzlenip çykyş etdi

946456
Siriýada bolşy ýaly Yragyň demirgazygynda hem ýüzlerçe terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Prezident R. T. Erdogan Siriýada bolşy ýaly Yragyň demirgazygynda hem ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza ýüzlerçe terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýtdy.

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R. T. Erdogan partiýasynyň Aýdyn welaýatynda geçirlen VI gurultaýynyň öňüsyrasynda halka ýüzlenip çykyş etdi.

Prezident Erdogan çykyşynda Siriýada 2016-njy ýylda geçirlen Ýefrat galkany operasiýasy we 20-njy ýanwarda başladylan Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen 2 müň ine dördül kilometrden gowrak meýdanyň terrordan saplanandygyny nygtady.

Görkezilen garşylyklara garamazdan Türkiýäniň Azat Siriýa goşuny bilen birlikde Afrine girip terrorçylary ele geçirendigini, käbir terrorçylaryň bolsa gaçandygyny gürrüň beren Erdogan, Afrinde täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sanynyň 3991-e ýetendigini ýatlatdy.

R. T. Erdogan Demirgazyk Yrakda hem ýüzlerçe terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini belledi.

Erdogan ABŞ-dan ýarag sorandyklaryny emma Kongresiň rugsat bermändigi sebäpli Türkiýäniň öz milli ýaragyny öndürmäge başlandygyny nygtady.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar